YLMY-TASLAMA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

1275

18 — 20-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli, kafedralarda hereket edýän ylmy gurnaklaryň, şeýle-de ýaş mugallymlaryň, aspirantlaryň, magistrleriň hem-de talyplaryň arasynda ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi. Himiýa fakultetiniň giň foýesinde ylmy-taslama bäsleşigine hödürlenen işleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Ýaşlaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşmaklaryny ýokarlandyrmak, olaryň innowasion tehnologiýalary arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny döwrebap ösdürmäge degişli täze usullary has içgin öwrenmeklerine höwes döretmek, ylmy-barlag işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmaga işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirilen bäsleşik örän netijeli häsiýete eýe boldy. Hödürlenen ylmy-taslama işleri ähli ugurlary öz içine alyp, olaryň ylmylygyna, täzeçilligine, döwrebaplygyna, wajyplygyna we amaly taýdan esaslandyrylyşyna, mazmunynyň, wezipeleriniň dogry we doly düşündirilişine görä eminler tarapyndan bahalandyryldy we ýeňijileriň mynasyp orunlary kesgitlenildi. Şeýlelik-de, ugurlara laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we halkymyzyň ruhy-medeni hem-de milli gymmatlyklaryna bagyşlanyp taýýarlanan maketler boýunça taryh hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aşyrmämmedow Öwezgeldi, binagärlik we şähergurluşyk ugry boýunça taýýarlanan maketler boýunça daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Saparmyradowa Göwher, Iňlis dili we edebiýaty hünariniň 4-nji ýyl talyby Durdyýewa Ogulnabat, önümçilige hödürlenýän önümler we enjamlar boýunça ekologiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby Saryýew Sähet, programma üpjünçiligi boýunça geografiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby Bäşimow Arslan, web sahypalary döretmek boýunça Hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyplary Ataýew Öwezgeldi, Nurgeldiýew Kakabaý dagy 1-nji orny eýelediler.
Bäsleşigiň ýeňijileri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektorlygynyň diplomlary, beýleki gatnaşyjylar Hormat hatlary we uniwersitetiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň sowgatlary bilen sylaglanylýar. Ylmy-taslama işleriň önümçilige ornaşdyrylmaga mynasyp hasaplanylanlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyna oýlap tapyşyň çäklendirilen patentini almak üçin hödürlenilýär.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30