ÝAŞULY NESLE SARPA

519

29-njy sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Peder ýoly dowam bizde, ýaşululara sarpa bar, Milli Lider Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz bar!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Baýramçylyk dabarasynda çykyş eden professor-mugallymlar we hünärmenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlygy ýyllarynda türkmen halkynyň asyrlarboýy mukaddeslige deňelen däp-dessurlary, adatlary, milli ýol-ýörelgeleri döwlet derejesinde sarpalanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu asylly däpleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini, şol sanda Ýaşulularyň halkara gününiň hem döwlet derejesinde baýramçylyk edilip bellenilýändigini uly buýsanç bilen aýtdylar.
Dabarada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdym-saz topary tarapyndan ýerine ýetirilen ata Watanymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, milli mirasymyzy we ýaşululary wasp edýän aýdymlar bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30