Fransuz ýazyjysy Sedrik Gra bilen duşuşyk geçirildi
5304-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda fransuz ýazyjysy we geografy, fransuz barlaglar jemgyýetiniň agzasy Sedrik Gra bilen duşuşyk geçirildi. Oňa uniwersitetiň roman-german dilleri kafedrasynyň fransuz dili mugallymlary hem-de fransuz dili we edebiýaty hünäriniň talyplary gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, ençeme halkara baýraklaryň eýesi, dokumental filmleriň režissýory, fransuz ýazyjysy Sedrik Gra jahankeşdelik we ekspedisiýalar hakynda birnäçe dokumental filmleriň düşürilişine gatnaşan sungat adamy. Şonuň bilen baglylykda, ýazyjy türkmen ýaşlary bilen geçiren duşuşygynda döredijilik saparlarynda galan täsirler bilen baglanyşykly döreden hekaýalary, romanlary barada söhbet etdi. Ol çykyşynda 2015-nji ýylda Geografiýa jemgyýetiniň «Alfons de Montero» we 2020-nji ýylda «Albert London» abraýly kitap baýraklarynyň eýesi bolandygyny gürrüň berdi.
Ýazyjy Sedrik Gra Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german dilleri kafedrasynyň fransuz dili mugallymlary hem-de fransuz dili we edebiýaty hünäriniň talyp ýaşlary bilen duşuşygyň geçirilmegi, fransuz dili we edebiýaty, medeniýeti, sungaty barada pikir alyşmagy örän täsirlidigini nygtap geçdi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar ýazyjy bilen fransuz dili we edebiýaty, taryhy, medeniýeti, sungaty barada özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sowal-jogaplar alyşdylar.