Taryhy wakalar — üstünliklere badalga
4925-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumynyň guramagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçen nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçmegi we Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, döwletimiziň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň – Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy hem-de «Altyn Aý» nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen maslahata degişli toplumyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» ýörelgesi we «Dialog – parahatçylygyň kepili» ylmy filosofiýasy, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymaty esasynda alnyp barylýan tutumly işleri, dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň we dost-doganlygyň dabaralanmagy ugrundaky umumadamzat bähbitli tagallalar edilýändigini belläp geçdiler. 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan gündügini, bu taryhy senede Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmegiňizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi döwlet gurluşyny hem-de türkmen jemgyýetini kämilleşdirmegiň ýolunda täze möhüm tapgyr bolandygy çykyşlarda bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen täze taryhy döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan gülläp ösýän we öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen beýik işleri üçin Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy hem-de «Altyn Aý» nyşanynyň gowşurylmagy bütin halkymyzda buýsanç, ýokary ruhubelentlik döredendigini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran giň gerimli özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli hem-de döredijilikli dowam etdirilýändigi çykyşlarda bellenilip, uly üstünlikleri, beýik zähmet ýeňişlerini gazanmak arkaly ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan mähriban halkymyz döredýär, gurýar, beýik bagtyna buýsanyp ýaşaýar diýip nygtaldy.