BMG-NIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN MASLAHAT

425

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa ÝUNESKO kafedrasynyň işjeň agzalary, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.
BMG-niň güni her ýylyň 20 — 26-njy oktýabr aralygynda geçirilýän bu abraýly düzümiň hepdeliginiň çäklerinde bellenilýär. Onda dürli duşuşyklar, söhbetdeşlikler, maslahatlar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Uniwersitetdäki ÝUNESKO kafedrasynda geçirilen duşuşyk hem hut şu ugurly çäreleriň biridir.
Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Hususan-da, onda çykyş edenler ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda berkidilen parahatçylyk döredijilikli möhüm başlangyçlary, şol sanda 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň awtory bolup durýandygy barada aýratyn nygtadylar.
Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden çykyş edip, ýurdumyzyň möhüm sebit we ählumumy meselelere degişli, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet, ulag, energetika, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan edendigi hem-de olary çözmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürendigi hakdaky çykyşlara-da orun berildi.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30