«Magtymguly, sözüm bilene sözdür...» atly döredijilik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi

1236

8-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Magtymguly, sözüm bilene sözdür...» atly döredijilik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň bu gezekki tapgyrynda fakultetlerde geçirilen ýaryşlarda ýeňiji bolan talyplar çykyş etdiler. Olar üç şert boýunça bäsleşip, ilki bilen söz ussadynyň bir şygryny çeper okap, labyzly ýerine ýetirdiler. Munda şygryň sözleriniň dogry aýdylyşyna we manysynyň doly ýüze çykarylyşyna aýratyn orun berildi. Ýaşlaryň Magtymguly Pyragy barada öz düzen goşgularyny okamagy ikinji şertiň özenini düzdi. Üçünji şertde bäsleşige gatnaşýan talyplar akyldar şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly bir sowala jogap berdiler.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby Göwher Gurbanowa 1-nji, himiýa fakultetiniň himiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby Rüstem Saryýew 2-nji, hukuk fakultetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby Şanazar Hydyrgulyýew 3-nji orunlara mynasyp boldy.
Döredijilik bäsleşigine işjeň gatnaşan beýleki talyplar hem höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandylar.
Bäsleşigiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijisi türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby Göwher Gurbanowa jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30