Bilim ulgamynda ÝUNESKO bilen gatnaşyklar giňeldilýär

374

13-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýol kartasyna gol çekilmegi mynasybetli aýdym-sazly, dabaraly çäre geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Medeniýet we Bilim ministrlikleriniň wekilleri, uniwersitetimiziň professor-mugallymlary hem-de «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň agzalary gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýol kartasyna gol çekilmeginiň ähmiýeti, şunuň bilen baglylykda, öňde duran möhüm wezipeler barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle-de, ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda ýakynda geçirilen maslahatlar we Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygyndaky ara alnyp maslahatlaşylan möhüm wezipeler barada aýdyldy.
Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň dizaýn ugry boýunça ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi-de gürrüň edilen ugurlaryň biri boldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň we tansçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin berdi.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30