Himiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasy öz işine başlady

495


14-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasy öz işine başlady. 17-nji noýabra çenli dowam etjek ders bäsleşigi ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara derejesine eýe bolan olimpiadalaryň iň abraýlylarynyň we giň gerimlileriniň biridir.
Halkara ders bäsleşiginiň açylyş dabarasyna birnäçe daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşandylar. Hususan-da dabarada W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň rektorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Igor Alekseýew, M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň fiziki himiýa kafedrasynyň dosenti Oksana Ryžowa, Belarus döwlet uniwersitetiniň organiki däl himiýa kafedrasynyň dosenti Natalýa Boboriko, Baku döwlet uniwersitetiniň organiki himiýa kafedrasynyň professory Namyk Şihaliýew çykyş etdiler. Olar olimpiadynyň öz işine başlamgy bilen bir-biregi mübärekläp, onuň ýokary üstünliklere beslenmegini arzuwladylar. Çykyşlaryň käbirinde bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň baýry ýokary okuw mekdebinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasynyň eýýäm ikinji gezek geçirilmegi ýurtda tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwretmek we bu ugurda halkara tejribesini ösdürmek babatda uly işleriň ýerine ýetirilýändigini äşgär edýär. Bu olimpiada, öz gezeginde, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň himiýa dersini özleşdirmek boýunça derejesini bahalandyrmakda, ýaşlaryň himiýa ylmyny öwrenmäge bolan höwesini artdyrmakda hem aýratyn orna eýedir.
Bäsleşige Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, ABŞ-nyň, Wengriýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ermenistanyň, Slowakiýanyň, Daniýanyň, Çehiýanyň, BAE-niň, Şri-Lankanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Awstriýanyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Belarus Respublikasynyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň jemi 58-sinden 526 hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 19-syndan 705 talyp gatnaşýar.
Olimpiada şahsy we toparlaýyn görnüşde dowam edýär. Şahsy görnüş iki derejede (A we B) geçirilýär. A derejä himiýa hünärinde okaýan, B derejä bolsa başga hünärler boýunça bilim alýan talyplar gatnaşýar. Toparlaýyn bäsleşikde degişli ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşyjylaryň orta bahasy boýunça netije çykarylýar. Olimpiadanyň jemi boýunça ýeňijiler I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Şonuň ýaly-da, baýrakly orna mynasyp bolup bilmedik, ýöne öz ýokary okuw mekdebinden iň ýokary netije görkezen talyplar höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglanar.
Olimpiadanyň häsiýetli aýratynlygy onda ýurdumyzyň ýokary bilim edaralarynyň, ylmy merkezleriniň professor-mugallymlarydyr alymlary bilen birlikde daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylym-bilim merkezleriniň professordyr alymlary, doktorantdyr magistrlary eminlik edýär. Şonuň ýaly-da, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, bäsleşige gatnaşýan talyplaryň sanynyň köp bolmagy, olimpiada wekilçilik edýän döwletleriň geografiýasynyň has-da giňemegi onuň netijeliliginden habar berýär. Bu bolsa täze taryhy döwürde ýaşlary ylym-bilim dünýäsinde geljekki üstünliklere höweslendirmek, olaryň dünýägaraýşyny, hünär endiklerini ösdürmek, ýurdumyzyň bilim ulgamyny halkara ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň abraýly hem öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen özara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän giň mümkinçilikleriniň özüniň oňyn miwesini berýändigini görkezýär.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30