Astrahan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi

427

16-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň agzalarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy: taryh we häzirki zaman» atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi.
«Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň» çäklerinde geçirilen maslahatda çykyşlara uly orun berildi. Hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň agzalary, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary «Merw Beýik Ýüpek ýolunda», «Türkmenistanyň medeni mirasynyň obýektleri — ÝUNESKO-nyň Adamzadyň medeni mirasynyň sanawynda», «Türkmenistan-Russiýa medeniýet dialogy — sebit çäginde hyzmatdaşlyk», «Daýahatyn kerwensaraýy – Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýadygärlik», «Astrahan XVII-XIX asyrlarda Merkezi Aziýada we Eýranda daşary söwda aragatnaşyklar ulgamynda», «Nusaý ritonlary — taryhy açmakda we öwrenmekde gymmatly çeşme» ýaly temalarda çykyş etdiler.
Soňra ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary ylmy çykyşlarynda gozgalýan meseleler boýunça sowal-jogap alyşdylar.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30