Döredijilik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry dowam edýär
600Şu günlerde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Galkynyşly Diýarymyza waspymyz, gül Watanyň, şu milletiň nesli biz» atly döredijilik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry dowam edýär. Oňa ýokary okuw mekdebiniň fakultetleriniň toparlary gatnaşýarlar.
1-nji ýyl talyplaryň arasynda ata Watanymyzy wasp etmek, ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin başarnyklaryny açyp görkezmek, täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşik birnäçe şertleri öz içine alýar. Ýagny bäsleşikde talyplar alypbaryjylyk, estrada we halk aýdymlaryny aýtmak, milli saz gurallarynda sazlary çalmak, degişme, halk döredijiliginden parça, çeper okaýyş, meşhurlaryň aýdymlaryny, tanslary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşýärler.
Bäsleşikde baş baýraga we I, II, III orunlara mynasyp bolan fakultetleriň toparlary uniwersitetiň rektorlygynyň hormat hatlary hem-de Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar.