HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASY: Moskwadan medallar çemeni!

1540

29-njy noýabr - 3-nji dekabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersiteti tarapyndan geçirilen halkara matematika olimpiadasyna («RUDN MathOlymp») türkmen talyplary hem işjeň gatnaşyp, ýurdumyza medallar çemeni bilen dolandylar.
1-4-nji ýyl talyplaryň arasynda şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen olimpiada Russiýa Federasiýasy, Hytaý Halk Respublikasy, Azerbaýjan, Alžir, Belarus, Beýik Britaniýa, Sloweniýa, Täjigistan, Özbegistan, Fransiýa, Türkmenistan ýaly ýurtlaryň 30-a golaý ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 120-den gowragy gatnaşdy. Onda ýurdumyza Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen Döwlet energetika institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary wekilçilik etdiler. Öz ýokary okuw mekdebiniň ýaş matematikler toparyna ýolbaşçylyk eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew bäsleşigiň eminler toparynyň hatarynda hem orun aldy.
Şahsy bäsleşikde berlen meseleleri çözmek üçin gatnaşyjylara 4 sagat wagt berildi. Onda türkmen talyplary jemi 6 altyn, 10 kümüş, 4 bürünç medal gazanmagy başardy. Hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Agabek Matýakubow, Balkan Jepbarow, Hydyrberdi Rejepow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Nurmyrat Ataýew, Türkmen Döwlet energetika institutynyň talyplary Gurt Döwletow, Muhammet Annaýew altyn medalyň eýesi boldular.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Şabibi Nurjanowa, Akmuhammet Akmyradow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Myratgeldi Annamuhammedow, Medine Ödäýewa, Döwletmyrat Esenow, Türkmen Döwlet energetika institutynyň talyby Akmuhammet Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Döwran Myradow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Kadyrberdi Annabaýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gurtgeldi Hanow kümüş medal gazandylar.
Bürünç medala eýe bolanlaryň arasynda bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Nagym Taňrygulyýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gülöwser Gylyçmämmedowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Melike Jumaýewa, Ýazguly Aşyrow ýaly ildeşlerimiz bar.
Toparlaýyn görnüşde dowam eden olimpiadada wekilçilik edýän her bir ýokary okuw mekdebi 4 talypdan ybarat topary bilen çykyş etdi. Toparlar üçebara tertipde, üç tapgyr esasynda mysallara dogry jogap bermek arkaly bäsleşdiler. Bu görnüşde gazanan utuklary boýunça 3-nji orna mynasyp görlen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen Döwlet energetika institutynyň toparlary bürünç medaly eýelediler.
«RUDN MathOlymp»-yň köpöwüşginli maksatnamasyna laýyklykda, olimpiada gatnaşýan talyplar üçin «RUDN planetasy» ady bilen halklaryň dostluk konserti hem geçirilip, onda bäsleşige wekilçilik edýän ýurtlaryň milli aýdym-sazlary, tansly çykyşlary ýerine ýetirildi. Olimpiadanyň sylaglamak dabarasynda ýeňijilere degişli medallar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýeri gelende bellesek, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş matematik talyplary birnäçe halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji boldular. Olar, hususan-da, matematika dersi boýunça Özbegistanyň Nukus şäherinde geçirilen Al-Horezmi adyndaky olimpiadada, Bolgariýanyň Blagoýewgrad, Polşa Respublikasynyň Katowise şäherlerinde guralan halkara bäsleşiklerinde ýokary netijeleri görkezdiler. Türkmen talyplarynyň matematika dersinden abraýly halkara olimpiadalarda medallaryň uly toplumlaryna eýe bolmagy ýurdumyzda takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwretmek boýunça işleriň üstünliklere beslenýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30