Žurnalistika hünäriniň uçurymlary talyplar bilen duşuşdylar
5287-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdebiniň žurnalistika hünärini dürli ýyllarda tamamlap, häzirki wagtda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde göreldeli zähmet çekýän uçurymlary bilen talyplar ýaşlaryň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýew we şol gazetiň esasy utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, halypa ýazyjy, görnükli publisist Gurbannazar Orazgulyýew hem myhman boldular.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen duşuşygyň dowamynda talyplar tejribeli halypalara we ýaş žurnalistlere hünär ugurlary we döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar barada özlerini gyzyklandyran sowallar bilen ýüz tutdular. Hususan-da, halypalaryň çykyşlarynda gürrüň metbugat sahypalarynda zähmet adamynyň waspy, ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň beýan edilişi, halkara derejesinde ýurdumyzyň ýeten belent derejeleriniň, öňe sürýän ynsanperwer başlangyçlarynyň, has anygy, ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynda gazanan halkara üstünlikleriniň, türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleriniň, bütin dünýäde parahatçylygy berkitmekdäki, dostlukly gatnaşyklary ilerletmekdäki ägirt uly ornunyň publisistik äheňde seljerilişi hakda gitdi. Soňra talyplar Türkmenistanda internet žurnalistikasynyň şu güni we geljegi, redaksiýalarda kätipligiň işiniň aýratynlyklary, žurnalistikanyň žanrlary, janly tebigatda teleýaýlym üçin gepleşikleri taýýarlamagyň özboluşly täsirleri, radiožurnalist üçin zerur bolan hünär endikleri boýunça uçurym žurnalistleriň pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandylar.
Milli žurnalistikamyzyň täze nesliniň arasynda halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmekde köpri bolup hyzmat eden döredijilik duşuşygynyň dowamynda myhmanlar talyplaryň sowallaryna beren jogaplarynyň çäginde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan ýaşlara gazet-žurnallaryň redaksiýalary bilen ýygjam aragatnaşyk alyp barmak arkaly öz amaly taýýarlyklaryny ýokarlandyrmagy, redaksiýalarda tejribeli halypalardan teksti redaktirlemek işiniň inçe usullaryny öwrenmegi maslahat berdiler. Talyplaryň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň birnäçesiniň okalmagy baýramçylyk çäresine aýratyn öwüşgin berdi.