Talyplarymyz biologiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasynda 5 altyn, 9 kümüş, 4 bürünç medal gazandylar
906Şu ýylyň 6-njy dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan talyplaryň 500-den gowragy, şol sanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem gatnaşdy. Olimpiadanyň dowamynda gatnaşyjylara ýumuşlar biologiýanyň dürli ugurlary boýunça test görnüşinde hödürlenildi we olary çözmäge 180 minut wagt berildi.
Halkara ders bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem işjeň çykyş edip, ýokary netije görkezdiler. Has anygy, biologiýa fakultetiniň biologiýa hünäriniň talyplary Arazsoltan Mämiýewa, Gurbanmyrat Amanow, Hatyja Weligylyjowa, Leýli Durdyýewa, Mekan Çerkezow dagy olimpiadanyň altyn medalyna mynasyp boldular. Şol hünäriň talyplary Nurbibi Halymowa, Ybraýym Guwançmuhammedow, Farida Kamiljanowa, Enegül Atdaýewa, Nigara Rejepowa, Gözel Hasanowa, Sonagül Soltanowa, Lagly Akgylyjowa, Tawus Durdymämmedowa dagy kümüş medal gazandylar. Bürünç medalyň eýeleriniň hatarynda bolsa biologiýa hünäriniň talyby Ýazyrhan Işangulyýew we geografiýa fakultetiniň ekologiýa hünäriniň talyplary Yslam Mämmetgulyýew, Sähet Saryýew, Rasul Saburow bar. Uniwersitetiň olimpiada gatnaşan talyplar toparyna biologiýa fakultetiniň botanika kafedrasynyň uly mugallymy Enegül Aşyrowa ýolbaşçylyk etdi.