Ekologiýa kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde ylmy-amaly maslahat geçirildi
4917-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň mejlisler jaýynda fakultetiň ekologiýa kafedrasynyň guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologik terbiýäniň ähmiýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ekologiýa kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde geçirilen maslahata Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň «Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada «ýaşyl» şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi» atly taslamanyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Çäräniň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatyny dabaralandyrmakdan, daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça Diýarymyzda alnyp barylýan giň gerimli işlere syn bermekden, döwlet syýasatynyň bu möhüm ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmakdan, ýaşlaryň ekologik sowatlylygyny we medeniýetini ösdürmekden ybaratdyr. Onda uniwersitetiň ekologiýa kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Ş.Aşyrmyradowa «Türkmenistanda ekologiýa bilimini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygynyň orny», şol kafedranyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty M. Durikow «Suwarymly ekerançylykda topragyň we ösümlikleriň suw düzgünini sazlamagyň ähmiýeti» atly temalar boýunça çykyş etdiler. Ýurdumyzda daşky gurşawy bagy-bossanlyga büremek, çölleşmä garşy göreşmek, «ýaşyl» şäherleri kemala getirmek ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada myhmanlaryň gürrüňleri-de maslahata gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.