«Arzuwlaryň wysal bu gün, Pyragy!» atly diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri yglan edildi
817 8-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Arzuwlaryň wysal bu gün, Pyragy!» atly diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Uniwersitetiň himiýa fakultetiniň okuw binasynda geçirilen jemleýji bäsleşige ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden deslapky tapgyrda ýeňiji bolan jemi 60 talyp gatnaşdy.
Bäsleşigiň esasy maksady talyplaryň ene dilimize bolan söýgüsini artdyrmakdan, olaryň dürs ýazuw endiklerini ösdürmekden, zehinli ýaşlary höweslendirmekden, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny talyplaryň arasynda wagyz etmekden ybaratdyr. Diktant bäsleşiginiň teksti taýýarlanylanda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden we oňa bagyşlanan eserlerden, şeýle hem bitaraplyk temasyna degişli işlerden peýdalanyldy. Barlag diktanty talyplardan dürs ýazuw kadalaryny bilmegi, dyngy belgileri dogry ulanmagy, hatyny owadan we sowatly ýazmagy başarmagy talap edýär. Diktantyň orfografik kadalara degişli mysallary ýeterlik bolan teksti ilki dürs sözleýşiň kadalaryna laýyklykda dolulygyna, soňra sözlemler görnüşinde okaldy. Söz düzümleri görnüşinde hem ýazdyryldy. Olara baha goýlanda barlag diktanty üçin peýdalanylýan ýeke-täk talaplara we baha ölçeglerine salgylanyldy. Diktant ýazdyrylyp tamamlanandan soňra, talyplara ýazan işlerini 5 minudyň dowamynda okap seljermek üçin-de wagt berildi. Bäsleşikde ýazdyrylan diktantlar professor-mugallymlardan düzülen eminler topary tarapyndan degişli talaplara esaslanylyp barlanyldy. Şeýlelikde, diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan talyplaryň alan bahalary boýunça ýeňijiler aşakdaky tertipde kesgitlenildi:
Ýokary okuw mekdepleri boýunça:
I orun:
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby Hoşgeldi Paýzyýew;
II orun:
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýgözel Işanowa;
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe menejmenti taýýarlyk ugrynyň 4-nji ýyl talyby Döwletmyrat Tejenow;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Merjen Jumagylyjowa;
III orun:
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe hünäriniň 1-nji ýyl talyby Diýar Gylyjow;
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň raketa we artillireýa bölünmeleriniň dolandyrylyşy hünäriniň 5-nji ýyl talyby Döwran Nurnepesow;
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň maglumat howpsuzlygynyň menejmenti hünäriniň 4-nji ýyl talyby Aýşat Ýagşymyradowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby Bägül Myradowa;
Orta hünär okuw mekdepleri boýunça:
I orun:
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň başlangyç synplarda okatmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby Mahym Gurbangeldiýewa;
II orun:
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň 1-nji ýyl talyby Aýgözel Çaryýewa;
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň baglangyç synplarda okatmak hünäriniň 1-nji yyl talyby Maýsa Akgaýewa;
Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň laborotoriýa anyklaýyş işi hünäriniň 1-nji ýyl talyby Şirin Tekäýewa;
III orun:
Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň senagat we raýat binalarynyň elektrik abzallaryny gurnamak, sazlamak we ulanmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby Şirin Gulowa;
A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň baglangyç synplarda okatmak hünäriniň 1-nji yyl talyby Hatyja Badyrowa;
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň şepagatçylyk işi hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nurana Saparowa;
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw okuw mekdebiniň maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary hünäriniň 1-nji yyl talyby Çynar Hümmetjanowa.