Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi üstünlikli geçirildi
44927-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi ýokary ruhubelentlige we üstünlige beslenip geçirildi. Halkara forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, talyplar we daşary ýurtlardan köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
Ýaşlar hyzmatdaşlygyny halkara derejede has-da ösdürmekde täze mümkinçilikleri açmaga goşant goşan bu maslahatyň we serginiň işine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem ýokary derejede we guramaçylykly gatnaşdy. Uniwersitetiň halkara sergidäki pawilýonynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin döredilýän amatly şertler, ýokary okuw mekdebinde häzirki zaman tehnologiýalaryna we okadylyş usullaryna esaslanýan okuw işleri, bilim özgertmelerini ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler, ýurt we halkara derejesindäki bäsleşikdir olimpiadalarda, sport ýaryşlarynda gazanylan üstünlikler, ylmy gözlegleri ýerine ýetirmek boýunça netijeler öz beýanyny tapdy.
Şanly ýylyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşanlar umumy mejlisde pudaklaýyn bölümçelerde her bir güni uly üstünlikler, milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlandyrylan 2023-nji ýylda ýurdumyzyň depginli ösüşine, öňe gitmegine gönükdirilen maksatlaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşan ýaşlaryň çykyşlaryny diňlediler, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdylar.
Täze — 2024-nji ýylyň öňüsyrasynda geçirilen giň gerimli halkara forum türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän uly ynamyny mynasyp ödäp, bilim edaralarynda ylym-hünär öwrenýändigini, döwlet, häkimiýet, dolandyryş edaralarynda, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýändigini, olimpiadalarda, bäsleşiklerde, festiwallarda hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi.