«Pyragynyň arzuwy» atly täze buýsançly aýdym ildeşlerimize ýetirildi
2428Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bagtyýar talyplarynyň «Pyragynyň arzuwy» atly buýsançly aýdymynyň şekilli görnüşleri ýazga geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanýan günlerinde ýurdumyzyň «Ýaşlyk» teleýaýlymy arkaly ildeşlerimize ýetirilen buýsançly aýdym we onuň şekilli görnüşleri watandaşlarymyzda uly täsir galdyrdy.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan aýdymda akyldar şahyryň adyny göterýän ýokary okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlaryna bagtyýar durmuşda ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga, zähmet çekmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçiliklerine, ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan üstünliklere bolan egsilmez buýsanjy öz beýanyny tapdy. Žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby K.Hakberdiýewiň sözlerine döredilen aýdymyň adyndan-da belli bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň berkararlygy netijesinde, durmuşa geçirilýän bu beýik işler hut pähim-paýhas ummanyna deňelýän Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň wysal tapýandyna şaýatlyk edýär. Şekilli görnüşlerde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alnyp barylýan ylmy hem-de okuw işlerini, talyplaryň ýurdumyzdaky we halkara derejesindäki ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda, sport ýaryşlarynda gazanan üstünliklerini, akyldar şahyrymyzyň şanly toýy bilen baglanyşykly geçirilýän çäreleri şöhlelendirýän pursatlara uly orun berildi.
— Arkadagly Gahryman Serdar bilen,
Belentdir Watanyň at-owazasy.
Ýaran bu gün jebis türkmen halkyna,
Pyragyň arzuwlan gül zamanasy — diýen setirler bilen jemlenýän buýsançly aýdym täze — 2024-nji ýylyň öňüsyrasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlara ajaýyp sowgat boldy.