Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
14845-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mugallymlardyr talyplar, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.
Uniwersitetiň mejlisler jaýyna ýygnananlar, ilki bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasyna tomaşa etdiler. Onda döwlet Baştutanymyzyň täze eseriniň ýaşlaryň durmuşynda tutýan orny, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil üçin edýän aladadyr tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, üstünlikler, durmuşa geçirilýän beýik işler öz beýanyny tapdy.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar bilen baglanyşykly döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, bu babatda öňde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda maslahatdyr pikirlerini, tejribelerini öz içine alýan täze eseri ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işini ösdürmekde, kämilleşdirmekde, ýaşlary belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr. Tanyşdyrylyş dabarasynda hem bu boýunça çykyşlara giň orun berildi. Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlamagy hem-de onuň, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyza sowgat berilmegi bütin halkymyzy, hususan-da, türkmen ýaşlaryny örän buýsandyrdy. Kitabyň «Beýik işlere çakylyk», «Ýaşlar bilim ulgamynda», «Nurana geljegiň aladasynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasatymyzyň esaslary», «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy» atly bölümlerinde ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny amala aşyrmagyň strategik ugurlarynyň beýan edilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan döwrebap usulda neşir edilen kitabyň sahypalarynda bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşyndan bagtly pursatlary açyp görkezýän ýokary hilli fotosuratlaryň hem ýerleşdirilendigi onuň täsirliligini has-da artdyrýar.
Şonuň bilen birlikde, täze kitabyň 2023-nji ýylda ýurdumyzda, halkymyzyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalary baý many-mazmun we bezeg aýratynlyklary bilen şöhlelendirýändigi, onuň watansöýüji, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki orny hem söhbet edilen ugurlaryň biri boldy. Çykyş edenleriň käbiriniň nygtaýşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalara, üstünliklere, özgertmelere beslendi. Şunda bilim ulgamynda hem köp sanly täze sepgitlere ýetildi. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň okuwçydyr talyp ýaşlary döwlet, halkara derejesindäki ders bäsleşiklerdir olimpiadalarda, sport ýaryşlarynda köp sanly ýeňişleri gazandylar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen ýylda türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň özboluşly beýanyna öwrülen, diňe bir ýaşlarda däl, eýsem-de, uly ýaşly raýatlarda, hatda goňşy ýurtlaryň wekillerinde-de uly gyzyklanma döreden kitapda bolsa bu üstünliklere hem giň orun berilýär. Döwlet Baştutanymyz kitabyň «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly», «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» atly bölümlerinde ýurdumyzy häzirki zaman dünýäniň ösen talaplaryna laýyklykda öňe alyp gitmekde, geljegiň innowasion tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmakda ilatymyzyň iň bir işjeň bölegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilýändigini nygtaýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna ajaýyp sowgat bolan eser türkmen ýaşlary üçin okuwda, işde, döredijilikde ýakyn gollanma, ýol görkeziji şamçyraga öwrüljekdigi barada hem aýtmak bilen, çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen we yzygiderli durmuşa geçiren «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça göz öňünde tutulan işleri täze derejä götermek babatda öňde duran wezipeler hakda hem täze kitapda giňişleýin söhbet edilýändigini nygtadylar.
Dabara bilen ugurdaşlykda, uniwersitetiň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi hem bu ýere gelenlerde ýakymly täsir galdyrdy. Onda döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby, Gahryman Arkadagymyzyň eserleri, milli gymmatlyklarymyzyň nusgalary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, ýaşlaryň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, ylmy işläp taýýarlamalary sergilendi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylar toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary hem dabara gatnaşanlara aýratyn ruhy lezzet paýlady.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň döwet galamynyň ýiti, ajaýyp kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuwlap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.