Şanly ýylyň şygary — köňülleriň çyragy
116117-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
Aýdym-sazlara beslenen dabaraly maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda täze ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şanly ýylda döwlet hem-de halkara derejedäki dürli çäreleri guramakda, söz ussadynyň edebi mirasyny wagyz etmekde, şöhratyny dünýä ýaýmakda öňde durýan möhüm wezipeler barada pikir-garaýyşlar beýan edildi. Dabaraly maslahatda söz sözlän professor-mugallymlar we talyplar parasatly şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini ylmy taýdan düýpli öwrenmek, beýik şahyryň mirasyny bütin dünýäde dabaralandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynyň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň ylmy-nazary we filosofik gollanmalar bolup hyzmat edýändigi bellediler.
Çykyş edenler Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigini, söz ussadynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigini, doglan gününiň 300 ýyllygynyň bu guramanyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň hataryna goşulandygyny buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Dabaraly maslahat bilen ugurdaşlykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň, professor-mugallymlaryň kitaplarynyň, monografiýalarynyň, talyplar tarapyndan taýýarlanylan dürli taslamalaryň we Magtymguly Pyragynyň hem-de onuň edebi mirasy bilen baglanyşykly amaly-haşam sungaty eserleriniň göçme sergisi guraldy. Çykyşlar bilen utgaşyklylykda uniwersitetiň talyplarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy hem-de «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar, dutarçylar toparlarynyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine we akyldar şahyra bagyşlanan aýdymlary dabara özboluşly öwüşgin berdi.