Taryhy ýadygärliklere okuw gezelenji guraldy

695

Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň, «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli Ak bugdaý muzeýine hem-de «Seýitjemaleddin» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna okuw gezelenji guraldy. Bu okuw gezelenji Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri tarapyndan tassyklanan ýörite meýilnama esasynda guraldy.
Türkmenistanyň Milli Ak bugdaý muzeýinde professor-mugallymlar we muzeýiň hünärmenleri talyplara Änew medeniýeti, onuň gadymylygy, bu ýerde taryhyň iň irki döwürlerinde ýüze çykan we gülläp ösen ekerançylyk siwilizasiýasy, orta asyrlarda Bagabat diýlip atlandyrylan bu şäheriň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň rowaçlanmagyndaky ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de talyplar «Seýitjemaleddin» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda orta asyrlar döwrüniň binagärlik medeniýeti, ýadygärligiň häsiýetli aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30