Döwletiň we jemgyýetiň tagallalaryny birleşdirip

458

26-njy fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumy tarapyndan «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler 22-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirip, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüş maksatnamalary bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitläp, «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» tassyklanandygyny belläp geçdiler. Söz sözlänler Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna hem gol çekendigini bellemek bilen, bu başlangyçlary döredijilikli dowam etdirip, geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirmegiň hem maksadalaýyk boljakdygy dogrusynda aýdan sözlerine ünsi çekdiler. Şunuň bilen birlikde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş nesli beýik akyldar şahyrymyzyň çuň manyly, ýokary çeperçilikli şygyrlarynyň esasynda terbiýelemäge, onuň tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen döredijiligini öwrenmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Ýurdumyzda jemgyýetiň başlangyç esasy bolan maşgalanyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, eneligi we çagalygy goramak, sagdyn nesli kemala getirmek meselelerine hem wajyp orun berilýändigi çykyşlarda öz beýanyny tapdy.
Umuman, şeýle mazmunda geçen maslahat örän netijeliligi bilen tapawutlandy. Oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryny ýol-ýörelge edinip, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30