Talybymyz Akgözel Ýagmyrowa «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

1342

5-nji martda paýtagtymyzdaky «Türkmengaz» döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp gyzlaryň 23-si gatnaşdy.
Birinji şertde talyp gyzlar türkmen zenanlaryna goýulýan sarpany, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň joşgunyny beýan edýän aýdym, goşgy, monologdyr sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen taýýarlanan «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça bäsleşmek ikinji şertiň esasyny düzdi. «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylan üçünji şert ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyndan orun alan keşdeçilik sungatyndaky başarnygyňy açyp görkezmek bilen baglanyşykly boldy.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika hünäriniň 3-nji ýyl talyby Akgözel Ýagmyrowa mynasyp bolup, «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi.
Baýrakly orunlara eýe bolan hem-de bäsleşige işjeň gatnaşan talyp gyzlara guraýjylar tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30