Uniwersitetimiziň wekiliýeti Magtymguly Pyraga bagyşlanyp Ýerewanda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

396

11-12-nji martda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de Ýerewan döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi» ady bilen halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň düzüminde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Gülruh Gurbanowa hem gatnaşdy.
Ermeni topragynda beýik türkmen şahyrynyň edebi mirasyny, hususan-da, onuň gymmatly filosofik garaýyşlaryny, edebiýata getiren täzeçilliklerini wagyz etmäge, oňa halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge bagyşlanan maslahaty Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň türkologiýa kafedrasynyň müdiri A.Safarýan alyp bardy. Özara pikir alyşmakda hem-de tejribe paýlaşmakda aýratyn ähmiýetli bolan ylmy çärede, ilki bilen, şol uniwersitetiň rektory O.Ogannisýanyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazowyň, terjimeçi şahyr W.Hasturyň çykyşlary diňlenildi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Magtymguly Pyragynyň filosofik pikirleri, ulanan çeperçilik serişdeleri, ýurdumyzda magtymgulyşynaslykda ýetilen sepgitler, onuň eserleriniň dürli dillere terjime edilişi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilişi barada gyzykly söhbet etdiler.
Halkara ylmy maslahat bilen utgaşyklylykda geçirilen beýleki birnäçe çäreler hem netijeli häsiýete eýe boldy. 12-nji martda Ýerewan döwlet uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň türkologiýa hünäriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda türkmen dili we edebiýaty boýunça guralan söhbetdeşlik duşuşygy hem many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlandy. Çäräniň barşynda hyzmatdaş ýokary bilim ojagynyň professory A.Safarýanyň Gündogary öwreniş fakultetiniň çäginde Türkmenistanda şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi we söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky türkmen dili, medeniýeti we taryhy merkeziniň açylmagynyň meýilleşdirilýändigi barada habar bermegi has-da guwandyryjy ýagdaýdyr. Şonuň ýaly-da, ýokary okuw mekdebiniň türkologiýa hünäriniň talyplary bilen «Magtymguly Pyragynyň türkmen edebiýatynda tutýan orny» atly tema boýunça geçirilen umumy okuw sapak oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Ermeni talyplarynyň akyldar şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusy esasynda taýýarlan çeper okaýyş çykyşy has-da özüne çekiji boldy. Soňra bu goşgudaky käbir sözleriň ermeni dilindäki sözler bilen meňzeşdigi, hatda olaryň aňladýan manysynda hem baglanyşygyň bardygy dogrusynda sowal-jogap alşyldy. Duşuşygyň dowamynda pikir alşylan mowzuklar bu ýokary okuw mekdebiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arasynda ýola goýlan ylym-bilim ugurly hyzmatdaşlygy has-da ýaýbaňlandyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.
Dostlukly ýurduň paýtagtyndaky Mesrop Maştos adyndaky gadymy golýazmalaryň muzeý-institutyna guralan gezelenç hem örän täsirli geçdi. Bu ýerde türkmen wekiliýetine 17 müňden gowrak golýazmalary we 100 müňden agdyk resminamalary özünde jemleýän iri ylmy merkez bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredildi. Ýerli hünärmenler «Matenadaran» ady bilen meşhur bolan muzeýiň gaznasynda saklanylýan ýazuw ýadygärliklerinde, etnografik gymmatlyklarda ermeni halkynyň taryhy, ýaşaýyş-durmuşy, elipbiýiniň döreýşi, şeýle hem türkmenleriň geçmişine degişli käbir täze maglumatlar hakda gürrüň berdiler.
Ýerewanyň Arno Babajanýan adyndaky konsert zalynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary iki halkyň dost-doganlygyny özünde şöhlelendirdi. Onuň dowamynda belentden ýaňlanan türkmen, ermeni dillerindäki aýdymlar, iki ýurduň kompozitorlarynyň eserleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Olaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlara-da giň orun berildi. Medeni çäre bilen ugurdaşlykda bu ýerde söz ussadynyň dürli dillerdäki diwanlaryny, oňa bagyşlanyp çap edilen kitaplary, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny özünde jemleýän sergi guraldy.
Umuman, türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda dostlukly Ermenistan Respublikasynda geçirilen halkara ylmy maslahat iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň berkidilýändiginiň, ermeni halkynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine gyzyklanmasynyň has-da artýandygynyň, söz ussadynyň doglan gününiň şanly toýunyň halkara giňişlikde uly dabaralara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30