«Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi dünýä edebiýatynda» atly ylmy-döredijilik duşuşygy

539

12-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi dünýä edebiýatynda» atly ylmy-döredijilik duşuşygy geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp uniwersitetiň ylmy kitaphanasy, ylym bölümi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan çärä professor-mugallymlar, talyplar, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy barada ilkinji metbugat ýazgylary, onuň goşgularynyň neşirleri, dünýä we doganlyk halklarynyň edebiýatynda söz ussadynyň orny ýaly ugurlar boýunça giňişleýin gürrüň etdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde söz ussadynyň «Türkmeniň», «Gördüňmi» goşgularynyň çeper okaýşy, «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly aýdymlar duşuşyga gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Döredijilik çäresi bilen ugurdaşlykda okuw binasynyň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, akyldar şahyrymyzyň şygyrlar ýygyndylarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan kitaplaryň sergisi guraldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30