«Frankofoniýa» bäsleşiginde ýeňiş gazandylar
4436-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Frankofoniýa» bäsleşigine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem işjeň gatnaşdylar.
Halkara frankofoniýa güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Fransiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasy we onuň ýanyndaky Fransuz instituty tarapyndan guralan bäsleşigiň esasy maksady ýaşlaryň fransuz dilini öwrenmäge bolan isleglerini artdyrmakdan, olary Fransiýanyň taryhy we medeni däpleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Ol 3 ugur — düzme ýazmak, aýdym aýtmak we dürs sözleýiş boýunça geçirildi.
Şeýlelikde, dürs sözleýiş ugry boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fransuz dili we edebiýaty hünäriniň talyplary Gülsenem Nagimowa, Nurtäç Şalykowa, Aýbölek Sahatowa ýeňiji boldular.
Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.