Döredijilik gezelenji guraldy

361

16-njy aprelde Türkmenistanyň Medeniýet we Bilim ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň, köp sanly ýaşlaryň gatnaşmaklarynda paýtagtymyzdaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän edaralara, onuň keşbi ebedileşdirilen ýadygärliklere gezelenç guraldy. Gezelenjiň meýilnamasynda akyldar şahyryň ady ebedileşdirilen Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, milli sazly drama teatry, paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda hem-de «Garaşsyzlyk» seýilgähinde ýerleşýän ýadygärlikleri bilen birlikde Türkmen döwlet uniwersiteti hem orun aldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan gezelenje gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde akyldar şahyra bagyşlanan muzeýiň golýazma nusgalary, taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle-de olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Magtymguly» operasynyň taýýarlyk pursatlaryna tomaşa etdiler.
Halypa şahyrlaryň okan şygyrlary, dessançy bagşylaryň aýdan aýdymlary gezelenje gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30