Döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry

545

26-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Aýdar Magtymguly, sözüm älemdir» atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry boldy.
Döredijilik we çeper okaýyş bäsleşigine gatnaşýan talyplaryň her biri iki sany goşgyny ýerine ýetirdiler. Olar Magtymguly Pyragynyň bir goşgusyny hem-de talybyň özüniň ýa-da başga şahyryň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, ýurdumyzda täze taryhy döwürde alnyp barylýan beýik işleri, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, türkmen tebigatyny we beýleki umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edip ýazan bir goşgusyny ýatdan labyzly aýtmak boldy. Bu şert ýerine ýetirilende şygryň sözlerini dogry, doly manysyny ýüze çykaryp aýtmak, ses, hereket, keşp döretmek arkaly artistlik ukyplaryny – hyjuwlylygy, temperamenti ýüze çykarmak talap edildi.
Bäsleşik bilen utgaşyklylykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi-de täsirli boldy.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby Amandursun Annanazarowa döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ýeňiji bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30