Ýeňşe ýetiren mertleriň hatyrasyna

372

7-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli «Ýeňşe ýetiren mertleriň hatyrasyna» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi bilen bilelikde guralan baýramçylyk dabarasyna uruş we zähmet weteranlary, hormatly dynç alyşdaky ýaşulular, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.
Çykyşlarda Beýik Watançylyk urşunda Watany gorap, söweş meýdanlarynda türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesiniň gaýduwsyzlygy, mertligi we edermenligi hakda bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem şol ýowuz uruşda watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezendigi barada täsirli gürrüň berdiler. Tylda galan watandaşlarymyz hem jan aýaman zähmet çekip, gazanylan Beýik Ýeňşe uly goşant goşdular. Merdana pederlerimiziň edermenligi, manyly durmuş ýoly halkymyza hyzmat etmegiň, mukaddes Watany goramagyň belent nusgasyna öwrülendigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana uruş we zähmet weteranlarymyz barada yzygiderli alada edilýändigini, hormatly Prezidentimiz tarapyndan olaryň saglyklaryny berkitmäge, ýaşaýyş we durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýändigini belläp geçdiler.
Dabaranyň dowamynda Watan gahrymanlaryny hatyralap, Ýeňiş güni bilen baglanyşykly aýdymlar ýaňlandy. Ýerine ýetirilen «Tagzym» atly edebi-sazly kompozisiýa, «Asuda il» atly sahnalaşdyrylan çeper okaýyş dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30