Ylmy-amaly maslahat geçirildi
36910-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy – halkymyzyň agzybirliginiň hem-de rowaçlygynyň kepili» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ylmy işgärleri gatnaşdylar.
Maslahat öz işini umumy mejlisde we «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we milli demokratiýa berkararlygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň sarsmaz sütünidir», «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy – galkynyşyň, berkararlygyň, agzybirligiň we bitewüligiň edebilik nyşany», «Täze taryhy döwürde ýurdumyzda ynsanperwer ylymlarynyň ösüşi», «Türkmen edebiýatynda milli gymmatlyklaryň şahyrana beýany», «Daşary ýurt dillerini innowasion tehnologiýalar arkaly öwretmegi kämilleşdirmegiň döwrebap usullary», «Dünýä dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek bilimli nesli kemala getirmegiň esasy şertidir», «Himiýa senagatyny we tehnologiýalary ösdürmek ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşleri gazanmagyň baş ugrudyr», «Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmegiň hem-de goramagyň ylmy-amaly esaslary», «Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak syýasaty – ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmegiň ileri tutulýan ugry», «Matematika ylmynda we maglumat tehnologiýalarynda gazanylan üstünlikler innowasion ösüşleriň özenidir», «Täze tehnologiýalary döretmekde we olary önümçilige ornaşdyrmakda fizika ylmynyň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti» atly bölümleriň 11-sinde dowam etdirildi. Olarda çykyşlaryň 470-e golaýy diňlenildi.
Çäre bilen ugurdaşlykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň Magtymguly Pyragy we onuň edebi mirasy bilen baglanyşykly kitaplarynyň, monografiýalarynyň, milli amaly-haşam sungaty eserleriniň, talyplar tarapyndan taýýarlanylan dürli taslamalaryň sergisi guraldy.