Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
40229-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň, A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň, Aşgabat şäheriniň 43-nji, 27-nji, 130-njy we 131-nji orta mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly we Çagalary goramagyň halkara güni, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy mynasybetli guralan dabara baýramçylyk ruhubelentligi mahsus boldy.
Baýramçylyk çäresini gatnaşýan çagalar özleriniň ýürek buýsançlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlardyr goşgulary arkaly beýan etdiler. Olar milli we daşary ýurt tanslaryny, çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler.
Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sahna ussatlarynyň çykyşlary hem bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdym-saz toparynyň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar baýramçylyk çäresine özboluşly öwüşgin berdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan çagalara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.