Sanly ulgam arkaly Russiýada geçirilen ylmy-amaly maslahata we söhbetdeşliklere gatnaşyldy

297

2024-nji ýylyň 29-30-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň B.W.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti tarapyndan “Maşgala häzirki zaman Russiýanyň we Hazarýaka ýurtlaryň gadymdan gelýän gymmatlygy hökmünde” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary, aspirantlary we talyp ýaşlary maslahatyň “Maşgala” maksatnamasynyň taryh, hukuk we psihologiýa ugurlary boýunça bölüminiň işine ylmy nutuklary bilen gatnaşdylar.
Şonuň ýaly-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň alymlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň B.W.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň, M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, Astrahan döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleriniň, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Subtropiki ylmy merkeziniň alymlarynyň, “Maşgalany gorap saklamak we reproduksiýa” paýdarlar jemgyýetiniň lukman-alymlarynyň we beýlekileriň gatnaşmagynda “Maşgala” we “Ekoulgamlar” maksatnamalarynyň çäklerinde “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler guraldy.
Geçirilen ylmy-amaly maslahatda we “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşliklerde maşgala, onda nesil terbiýesi, Russiýada we Hazarýaka döwletlerinde gadymdan gelýän hem-de häzirki zaman şertlerinde sagdyn nesli kemala getirmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30