Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-usuly maslahat geçirildi

312

30-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak syýasaty – ýaşlaryň ekologiýa bilimini döwrebap kämilleşdirmegiň baş ýörelgesi” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi.
Maslahat öz işini umumy bölümde we “Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty jemgyýetiň durnukly ösüşiniň özenidir”, “Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meseleleriniň ylmy çözgütleriniň halk hojalyk ähmiýeti”, “Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi hem-de olary gorap saklamagyň ylmy esaslary”, “Täze innowasiýalar eýýamynda himiýa senagatynyň ösdürilmeginde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň orny” atly bölümleriň 4-sinde dowam edip, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň we ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň ylmy, ylmy-usuly, ylmy-amaly häsiýetdäki çykyşlarynyň 180-e golaýy meýilleşdirilip diňlenildi.
Maslahat bilen ugurdaşlykda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň hem-de ýurdumyzyň dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan melhemleriň, haýwanlaryň, guşlaryň, talyplar tarapyndan taýýarlanylan daşky gurşaw bilen baglanyşykly taslamalaryň sergisi guraldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30