«Ýylyň talyby» — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden!

743

31-nji maýda «Ýylyň talyby» Döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bilim bäsleşigine deslapky tapgyrlarda özüniň ýokary görkezijileri boýunça tapawutlanan talyplar gatnaşdylar.
Däp bolşy ýaly, bäsleşige gatnyşyjylar ylmy-döredijilik we dersara bäsleşiklerinde, halkara ders olimpiadalarynda gazanan üstünlikleri, medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşygy, sport ýaryşlaryndaky ýeňişleri, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary üçin kesgitlenen utuklar ulgamy bilen bahalandyrylyp, her ýokary okuw mekdebinden iň ýokary netije gazanan talyp jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar.
Jemleýji tapgyrda ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän talyplar Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş, türkmen we iňlis dili dersleri, kompýuter sowatlylygy boýunça taýýarlanan test sowallaryna jogap berdiler. Şeýle hem talyplar saýlap alan ugurlary esasynda gysga sahna, çeper okaýyş, aýdym-sazly erkin çykyşlar boýunça özara bäsleşdiler.
Şeýlelikde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Hoşgeldi Paýzyýew «Ýylyň talyby — 2024» Döwlet bilim bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Baýrakly orunlara eýe bolanlara diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Mälim bolşy ýaly, zehinli hem işjeň talybymyz Hoşgeldi Paýzyýew ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän ençeme ders, taslama-döredijilik bäsleşiklerinde, halkara olimpiadalarda ýeňiji bolmagy başardy. Ylmy gözlegleri-de alyp barýan talyp ýigit milli we halkara neşirlerinde hem ençeme ylmy makalalar bilen çykyş edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary okuw mekdebimiziň zehinli talybynyň ähli görkezijileri, ukyp-başarnygy boýunça tapawutlanyp, «Ýylyň talyby» adyna mynasyp görülmegi uniwersitetimiziň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary üçin diýseň guwandyryjy waka boldy.
Bu bäsleşik hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän düýpli özgertmelerini mynasyp dowam etdirmekde, ata Watanymyza wepaly, milli gymmatlyklarymyzy çyn ýürekden hormatlaýan, giň dünýägaraýyşly, döwrebap bilimlerden habarly ýaşlary kemala getirmekde örän ähmiýetlidir. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegine, kämilleşmegine ýardam edýär.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30