Akyldar şahyra bagyşlanan döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
4791-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary we mugallymçylyk, lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Aýdar Magtymguly, sözüm älemdir» atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.
Döredijilik we çeper okaýyş bäsleşigine gatnaşýan talyplaryň her biri iki sany goşgyny ýerine ýetirdiler. Olar, ilkibaşda, Magtymguly Pyragynyň bir goşgusyny aýdyp berdiler. Ikinji goşgy bolsa talybyň özüne degişli bolup, söz ussadynyň edebi mirasynyň gymmatyny, durmuşdaky we umumadamzat medeniýetindäki ähmiýetini wasp etmäge bagyşlandy. Olar ýerine ýetirilende şygryň sözlerini dogry, doly manysyny ýüze çykaryp aýtmak, ses, hereket, keşp döretmek arkaly artistlik ukyplaryny — hyjuwlylygy, temperamenti ýüze çykarmak talap edildi. Şertleriň dowamynda goşmaça sahnalaşdyrylan çykyşlar, wideoşekiller hem görkezildi.
Üçünji şertde bäsleşige gatnaşyjylar akyldar şahyryň terjimehalyna we edebi mirasyna degişli bijeli soragy çekip, oňa bir minudyň dowamynda pikirlenip, dogry jogap bermek boýunça bäsleşdiler.
Bäsleşik bilen utgaşyklylykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi-de täsirli boldy.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby Amandursun Annanazarowa döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi.