Ylmy maslahatda dost-doganlygyň pugtalandyrylyşy

443

Ýakynda «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň» çäklerinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň Ermenistanda öwrenilişi» atly onlaýn görnüşinde ylmy maslahat geçirildi. Bu ylmy maslahat hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek babatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri, bilim edaralary, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde alnyp barylýandygyny ýene bir ýola subut etdi.
Ylmy maslahatda çykyş eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy umumadamzat gymmatlyklary hakynda, türkmen-ermeni medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynda, Magtymguly Pyragy we türkmen-ermeni edebi gatnaşyklary, akyldar şahyryň eserlerinde jübüt antroponimleriň mental-lingwistik aýratynlyklary, Magtymguly Pyragynyň we ermeni şahyr-aýdymçysy Saýat-Nowanyň döredijiliginde ynsanperwer garaýyşlar we halk däp-dessurlarynyň şöhlelendirilişi ýaly ylmy nutuklar boýunça çykyşlar etdiler. Çykyş edilen nutuklar boýunça sowal-jogaplar alşyldy.
Onlaýn görnüşinde geçirilen ylmy maslahatda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ylmy taýdan öwrenilişi boýunça çykyşlar diňlenildi we şahyryň goşgulary okaldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdiler.
Ylym-bilim babatda daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak, döredijilikli zähmet çekmek ugrundaky mümkinçilikler üçin ylmy maslahata gatnaşan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Ýerewan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary iki döwletiň ýolbaşçylaryna çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30