Dalaşgärleriň dykgatyna: Resmi iş kagyzlaryny kabul etmek dowam edýär
298715-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek işleri badalga aldy. Giriş synaglarynyň öňüsyrasyndaky resmi iş kagyzlaryny kabul etmek döwri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem ýokary guramaçylyk ýagdaýyna eýe bolýar.
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Talyplyga dalaşgär raýatlar 2024/2025-nji okuw ýyly üçin hünärmen maksatnamasynda 14 ugur we bakalawr maksatnamasynda 4 sany taýýarlygyň ugurlary boýunça býujet we tölegli esasda, jemi 34 sany hünär boýunça okuwa kabul ediler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girmek isleýän raýatlaryň resmi iş kagyzlary 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibine laýyklykda, uniwersitetde hem-de welaýat merkezlerindäki bellenilen ýerlerde kabul edilýär. Resmi iş kagyzlaryny kabul etmek 28-nji iýula çenli dowam edýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäherinde) degişli tertipde bellenilen möhletlerde geçirilýär.

Doly maglumat almak üçin ŞU ÝERE basyň
20/06/2025
Ýaş žurnalistler üçin gollanma
18/06/2025
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
17/06/2025