Halkara olimpiadadan ýeňiş bilen dolandylar
7322024-nji ýylyň 5-11-nji awgusty aralygynda Bolgariýa döwletiniň Blogoýewrad şäherinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersiteti bilen Bolgariýadaky Amerikan uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen 31-nji halkara matematika bäsleşiginde jemi 60-dan gowrak ylymda-bilimde öňdebaryjy ýurtlardan 400-den gowrak talybyň gatnaşmagyndaky bu uly olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary gowy netije görkezdiler, olar jemi 1 altyn, 3 kümüş, 4 bürünç medal gazandylar.
Altyn medala uniwersitetimiziň matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nurjanowa Şabibi, kümüş medala maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Maksadow Söhbet hem-de şol fakultetiň 3-nji ýyl talyplary Wellekow Emir, Jepbarow Balkan dagylar mynasyp boldular. Bürünç medaly bolsa matematika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Garlyýewa Sähragül, şeýle hem maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Döwletmyradow Salyhbek, 3-nji ýyl talyplary Ataýew Hajymuhammet, Gaýypow Didar dagylar gazandylar.
Şol bäsleşigiň dowamynda 60-dan gowrak ýurduň wekilleriniň arasynda geçirilen "The Most Effective Team Leaders in IMC 2024" (Iň tejribeli topar ýolbaşçy IMC 2024) bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýeňiş topar ýolbaşçylaryň arasyndaky bäsleşikde olimpiadanyň taryhy boýunça ýurdumyzda ilkinji gezek gazanylan ýeňiş boldy.