Türkmen talyplarynyň nobatdaky üstünlikleri

600 div>
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmeleri özüniň oňyn netijesini berýär. Türkmen talyplarynyň 2024-nji ýylyň 5—11-nji awgusty aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersitetiniň kollejiniň Bolgariýadaky Amerikan uniwersiteti bilen bilelikde geçiren 31-nji Halkara matematika bäsleşiginde (IMC-2024) üstünlikli çykyş edip, ýokary netije gazanmagy munuň nobatdaky delili boldy.
Türkmen talyplary her ýyl döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşikleriniň ençemesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şu ýylyň 5—11-nji awgusty aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen 31-nji Halkara matematika bäsleşigine hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşyp, olardan 14-si dürli derejedäki medallara, ýagny 3 altyn, 3 kümüş, 8 bürünç medala we höweslendiriji Hormat hatlaryna mynasyp boldular.
Şol bäsleşigiň dowamynda 60-dan gowrak ýurduň wekilleriniň arasynda geçirilen "The Most Effective Team Leaders in IMC 2024" (Iň tejribeli topar ýolbaşçy IMC 2024) bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýeňiş topar ýolbaşçylaryň arasyndaky bäsleşikde olimpiadanyň taryhy boýunça ýurdumyzda ilkinji gezek gazanylan ýeňiş boldy.
Halkara matematika bäsleşiginde ýeňiji bolan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri üçin edýän çäksiz aladalary, ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny dünýä derejesinde açyp görkezmekleri babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.
Talyplarymyzyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda gazanan bu ajaýyp üstünligi mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dabara geçirildi. Dabarada söz sözlän professor-mugallymlar, ýeňiji talyplar we beýleki çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan oňyn bilim syýasaty üçin çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30