Pederleriň göreldesi – nesillere ýörelge

475

Adamzat bir bitewi göwre. Eger ony janly ulgamy hasyl edýän organizm hökmünde göz öňüne getirseň, onda dünýäde dowam edýän dürli milletler, halklar, etniki toparlar şol bitewi göwräniň synalary, her bir maşgala bolsa şol bitewi göwräniň öýjükleridir. Şu nukdaýnazardan alnanda, tutuş adamzat jemgyýeti şol öýjüklerden, ýagny maşgalalardan hasyl bolýar, Adam, ilkinji nobatda, şol maşgalada kemala gelýär. Şol maşgalada dünýä inen çaganyň bolsa, sözüň doly manysynda, adam diýen mukaddes ada mynasyp adam bolup ýetişmeginiň binýady goýulýar. Munuň üçinem maşgalanyň her bir agzasynyň, ilkinji nobatda bolsa, onuň diregi bolup durýan iki sany sütüniň – kakanyň we ejäniň diňe bir öz çagalaryna däl, eýsem goňşy-golamlaryna-da, deň-duşlaryna-da, dogan-garyndaşlaryna-da, asla ähli adamlara görelde bolup ýaşaýan adamlar bolmagy wajypdyr.
Şu nukdaýnazardan alnanda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ykdysady ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kakasy, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň hem-de onuň ömürlik ýanýoldaşy bolan Ogulabat ejäniň dünýäde ýaşaýan ähli adamlar üçin, ähli maşgalalar üçin görelde alarlyk nusgalyk maşgalany döredendikleri aýratyn bellemäge mynasypdyr. Çünki, diňe şunuň ýaly maşgalada il halar nesiller, bütin ömrüni halkyň bahbidine gönükdirilen işlere bagyş edýän, şeýdibem tutuş ynsanyýetiň hormat-sylagyna mynasyp bolýan nesiller ýetişip bilýär. Şonuň üçinem Mälikguly aganyň hem-de Ogulabat ejäniň durmuş ýoly biziň hemmämiz üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.
Çünki 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Ahal welaýatyndaky Yzgant obasynda dünýä inen Mälikguly aga bütin ömrüni halkyň rowaç, rahat, bolelin, bagtyýar dumuşda ýaşamagy ugrundaky işlere bagyş edip ýaşan adam. Onuň ömrüniň ýetginjeklik döwrüniň nägehan urşuň gabahatly ýyllaryna gabat gelendigini, ýöne ýaňy 10-12 ýaşynadaky oglanjygyň döwrüň öňde goýan kyn meselelerine içgin göz ýetirip, ony çözmek ugrunda halk köpçüligiň alyp barýan işlerine uly adamlar bilen bir hatarda uly goşant goşandygyny onuň ogly Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanyny okanymyzda aýdyň göz ýetirip bilýäris. Bu ajaýyp kitabyň 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Daşoguz welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny geçirýän günlerinde bolan tanyşdyrylyş dabarasynda onuň many-mazmuny hem-de ahmiýeti dogrusynda çykyş etmek bagtynyň maňa-da miýesser edendigini elmydama buýsanç bilen ýatlaýaryn. Çünki şol urşuň gazaply dowam edýän günlerinde-de 10-12 ýaşly Mälikgulujygyň adamlaryň ruhuny belende götermek, bu gazaply uruşda biziň hökmany suratda ýeňiş gazanjakdygymyza bolan ynamyny has-da pugtalandyrmak üçin goşgulary döredendigi, şeýle-de adamlaryň arasynda biziň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini täsirli okap bermek bilen, onuň öňe süren ajaýyp ýörelgelerini giňden wagyz edendigi, şeýle-de bu ýetginjegiň tylda zähmet çekýän uly adamlar bilen oba hojalyk işlerine işjeň gatnaşandygy şu günki ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin görelde mekdebidir diýsek hakykatdan daş düşmeris.
Bu göreldä eýerip iş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasy bilen bu ýyl, 2024-nji – “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem türki dünýäsiniň ýurtlarynda, şeýle-de dünýäniň başga-da köp ýurtlarynda BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşen guramasy – ÝUNESKO-nyň howandarlygynda giňden bellenilýändigi Mälikguly aganyň şol oglanlyk ýyllarynda amal edip başlan işleriniň bu gün has giň gerimde dowam etdirilýändiginiň, bu beýik akyldaryň pähim-paýhasly garaýyşlarynyň bütin dünýä ýaýylýandygynyň subutnamasydyr. Çünki şol pajygaly uruş ýyllaryndaky kynçylyklary ýeňip geçmäge ruhy taýdan ýardam eden Magtymgulynyň bu günki adamzat durmuşyndaky uruş-dawwalary ýeňip geçmäge, bütin dünýäde pugta parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda dünýä jemgyýetçiliginiň edýän tagallalaryna hemaýat-goldaw bolar diýsek hakykatdan daş düşmeris.
Şu babatda alnanda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk pederi Mälikguly aganyň manyly ömrüniň 26 ýylyny hukuk goraýjy edaralarda zähmet çekmek bilen, ýurdumyzda berk düzgün-tertibiň, asudalygyň bolmagy üçin eden işleriniň hem göreldelik işdigini aýratyn bellemek gerek. Bu ulgamda göreldeli zähmet ýoluny geçip, hormatly dynç alyşa çykandan soňam Mälikguly aganyň gol gowşuryp oturmandygy, ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap kemilleşdirmek, şol esasda döwrüň talabyna laýyk gelýän çuňňur ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, çuňňur watansöýüji nesilleri kemala getirmek işini talabalaýyk ýola goýmak işlerine mynasyp goşant goşandygy hem, biz, mugallymlar üçin görelde mekdebidir. Şonuň bilen bir hatarda Mälikguly aganyň öz ömürlik ýanýoldaşy Ogulabat eje bilen bilelikde alty perzendi terbiýeläp ýetişdirendikleri, şonuň netijesinde dünýä nusgalyk işleri amal edýän dünýäde ykrar edilen şahsyýetleriň, biziň halkymyzy baky bagtyýarlyga eýe eden mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny bu gün, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esas edinip, berkarar döwletimizi, mähriban halkymyzy ösüşiň has belent derejelerine çykaryp barýandyklary hem bu maşgaladan nusga alarlyk zadyň iňňän kändigini görkezýär.
Goý, dünýäniň ahli ýerlerinde şular ýaly maşgalalar, şular ýaly şahsyýetler kän bolsun. Bu günki gün ýagşylykda ýatlanylýan Mälikguly aganyň hem-de Ogulabat ejäniň ýatan ýerleri ýagty, jaýlary jennet bolsun, olaryň peder ýoluny dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Atajan Burynow,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti
öwreniş ylymlary kafedrasynyň
müdiri, professor.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30