Daşary ýurtly professor-mugallymlar uniwersitetimizde myhmançylykda boldular
230Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde ýola goýulýar we ösdürilýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 9-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty ýokary guramaçylykly we üstünlikli geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, oňa innowasion tehnologiýalary we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak maksady bilen, halkara serginiň we ylmy maslahatyň meýilnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçy düzümi bilen Russiýa Federasiýasynyň Penza döwlet uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar boýunça prorektory Gleb Sinsowyň, bu uniwersitetiň Halkara bilim bölüminiň müdiri Sergeý Iwançiniň, N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižniý Nowgorod döwlet uniwersitetiniň prorektorynyň orunbasary, syýasy ylymlaryň kandidaty, dosent Konstantin Kemaýewiň, bu uniwersitetiň wekili, rus ýazyjysy, taryhçy Nikolaý Inkiniň, M.W.Lomonosow adyndaky Demirgazyk (Arktika) federal uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň işe alyş bölümçesiniň başlygy Polina Golomidowanyň, bu uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň işe alyş bölüminiň hünärmeni Wiktoriýa Hatanzeýskaýanyň, Kazan milli barlag tehnologiýa uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar müdirliginiň hünärmeni Rawil Haliuliniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda wekilçilik edýän ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan bilim-ylym işleri, hyzmatdaşlyk saklamagyň ileri tutulýan ugurlary babatda pikir alşyldy.
Russiýa Federasiýasynyň N.L.Lobaçewskiý adyndaky Nižnyý Nowgorod döwlet uniwersitetiniň prorektorynyň orunbasary, syýasy ylymlaryň kandidaty, dosent K.Kemaýew öz hünär ugry boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bilen bilim-ylym garaýyşlaryny paýlaşmak maksady bilen, “Döwletlilik ýörelgeleriniň esaslary (rus döwletliliginiň emele gelmeginiň mysalynda) atly temadan uniwersitetiň syýasaty öwreniş, gündogary öwreniş, rus dili we edebiýaty hünäriniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda umumy okuw sapagyny geçirdi. Okuw sapagynyň dowamynda dosent K.Kemaýew türkmen we rus döwletlilik ýörelgesiniň umumylyklary we milli aýratynlyklary boýunça täsirli çykyş etdi. Ol şöhratly taryha beslenýän türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesiniň ylmy-nazary beýanlaryny Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynda we beýleki eserlerinde örän aýdyň beýan edilýändigini çykyşynda belläp geçdi. Dosent K.Kemaýew çykyşynyň çäginde müňýyllyklara uzap gidýän türkmen-rus dost-doganlyk gatnaşyklary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem has-da uzap, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk has-da ösdürilýändigini nygtady.
Umumy okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetli taraplaryny belläp geçdiler.
Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinden gelen myhmanlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we ylmy-barlag işleri hem-de uniwersitetden hereket edýän Arheologiýa we etnografiýa, Tebigat, Geologiýa, Magtymguly hem-de Taryhy muzeýleriň gymmatlyklary bilen tanyşdyryldy. Bu muzeýlerdäki gymmatlyklar arkaly türkmen halkynyň şöhratly taryhy, bagtyýar şu gününi, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, gazylyp alynýan peýdaly magdanlar hem-de olaryň ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda bilim-ylym-önümçilik arabaglanyşygynda mynasyp orny barada gürrüň berildi.
Bilim ulgamyny halkaralaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriniň çäginde dünýäde abraýly halkara guramalaryň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ÝUNESKO guramasy bilen alnyp barylýan işler işjeň häsiýete eýe boldy. Bu ugurda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2023-nji ýylda açylan “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasy tarapyndan şöhratly taryhymyzy, meşhur we taryhy şahsyýetlerimizi hem-de milli mirasymyzyň gymmatlyklarymyzy öwrenmek bilen bagly alyp barýan meýilnamalaýyn işleri öz beýanyny tapýar. Bu bolsa bilimiň häzirki zaman şertlerinde hil derejesini kesgitlemek bilen, bilimiň ylym bilen utgaşykly alnyp barylmagynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Russia Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinden gelen myhmanlar bu ÝUNESKO kafedrasynyň alyp barýan işleri tanşyp, taryhy müňýyllyklara uzaýan halkymyzyň medeni mirasyna bolan gyzyklanmasy döredi we oňa bolan söýgüsi artdy.
Şonuň ýaly-da, halkara sergisine we ylmy maslahatyna Russiýa Federasiýasyndan gelen myhmanlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary, tansçylary we dutarçylar topary tarapyndan guralan medeni çärä gatnaşyp, ýerine ýetirilen aýdymlar, mukamlar we milli tanslar olarda uly täsir galdyrdy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim-ylym babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda geçirilen täsirli duşuşyklar üçin bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplary hem-de Russiýa Federasiýasynyň Penza döwlet uniwersitetiniň, N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižniý Nowgorod döwlet uniwersitetiniň, M.W.Lomonosow adyndaky Demirgazyk (Arktika) federal uniwersitetiniň, Kazan milli barlag tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri ylym-bilim babatda kärdeşleri bilen tejribe alyşmak arkaly täze gözýetimlere ýetmek bilen ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, döredijilikli zähmet çekmek ugrundaky ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk we alkyş sözlerini beýan etdiler.

20/06/2025
Ýaş žurnalistler üçin gollanma
18/06/2025
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
17/06/2025