Dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär
242Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde ýola goýulýar we ösdürilýär.
14-nji oktýabrda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Italiýa Respublikasynyň Perujanyň daşary ýurtlylar üçin uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek dabarasy geçirildi.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler iki dostlukly ýurduň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň maksadalaýyklygy göz öňünde tutulyp, şeýle hem iki ýokary okuw mekdebiň arasynda ýokary bilimde, ylymda we medeniýetde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kanuny esaslaryny döretmegiň we hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün etmegiň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, taraplar daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýetini ornaşdyrmak we öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge; daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek maksady bilen daşary ýurt dillerini okatmak boýunça okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw-usuly we ylmy-usuly gollanmalaryny, ylmy neşirleri we okuw kitaplaryny alyşmak bilen birlikde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge; professor-mugallymlary deň şertlerde alyş-çalyş etmäge, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýüz tutmagy bilen Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersiteti italýan dili mugallymlaryny hödürlemäge hem-de ibermäge we ş.m. birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmäge borçludyr.
Ähtnama gol çekmek dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar iki döwletiň arasynda bilim-ylym babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, häzirki zaman jemgyýeti üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.