“Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň gurnamagynda onlaýn ylmy maslahat geçdi
29114-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň gurnamagynda “Türkmenistan – ÝUNESKO: taryhy we tebigy ýadygärlikleri goramagyň ileri tutulýan ugurlary” atly onlaýn ylmy maslahaty geçirildi.
Onlaýn ylmy maslahatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Bike Diwangulyýewa “Biodürliligi goramak - döwrüň talabydyr”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň dosenti, “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, geografiýa ylymlarynyň doktory Röwşen Genjiýew “Durnukly ösüş üçin taryhy we tebigy mirasy gorap saklamak”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýany okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hasiýet Asadowa “Daşky gurşawy goramakda biodürlülik hakyndaky düşünjeleriň ösdürilişi”, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Akjagül Nurgeldiýewa “Türkmen halysynyň dünýä medeniýetindäki orny”, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gidrometerologiýa kafedrasynyň müdiri, geografiýa ylymlarynyň kandidaty Gapurjan Hamraýew “Türkmenistanyň tebigy goraghanalary we täsinlikleri”, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň mugallymy Guwanç Garýagdyýew “Daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara bilim maksatnamalarynyň orny” atly temalary bilen çykyş etdiler.
Maslahata sanly ulgam arkaly Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedrasynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri” ÝUNESKO klubynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” ÝUNESKO klubynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylyk medeniýeti” ÝUNESKO klubynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” ÝUNESKO klubynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Parahatçylyk dilleri” ÝUNESKO klubynyň agzalary, ylmy işgärleri we talyplar gatnaşdylar.