Halkara forum mynasybetli maslahat geçirildi
24016-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň geçirilmegi mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy – döwürleriň we siwilizasiýalaryň sazlaşykly bitewüliginiň beýany” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ýokary derejede geçirilen halkara forumda Hormatly Prezidentimiziň çykyşynyň taryhy ähmiýete eýe bolandygyny hem-de Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtap geçdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary tarapyndan taýýarlanylan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly edebi-sazly kompozisiýa we uniwersitetiň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen Magtymguly Pyragynyň sözlerine türkmen halk aýdymlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işlerini wasp edýän “Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” atly aýdym maslahata gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şöhratly taryhymyzy, meşhur we taryhy şahsyýetlerimizi hem-de milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, olary dünýäde giňden dabaralandyryp, halkara abraýly guramalaryň bütindünýä sanawyna girizmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda neşir edilen ýygyndylarynyň, monografiýalaryň, kitaplaryň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan milli medeniýetimizi we sungatymyzy özünde jemleýän taslamalar we amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.