Magtymguly muzeýine gezelenç

375

22-nji noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Magtymguly muzeýinde gezelençde boldular.
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri ilki uniwersitetiň baş binasynyň eýwanynda guralan kitap, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň, halkymyzyň şöhratly taryhyny we bagtyýar şu gününi özünde jemleýän taslamalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Soňra hormatly myhmanlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Magtymguly muzeýine gezelenç etdiler. Myhmanlar muzeýde ilki bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň taýýarlan türkmen we dünýä edebiýatyna degişli meşhur şahyrlar we ýazyjylar barada gysgaça teatrlaşdyrylan sahna tomaşa etdiler. Soňra türkmen edebiýaty kafedrasynyň mugallymy A.Goçyýewa hormatly myhmanlary uniwersitetiň Magtymguly muzeýi bilen tanyşdyrdy.
Magtymguly muzeýine gezelenç wagtynda uniwersitetiň rektory O.Öwezsähedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekillerini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryhy, häzirki wagtda hereket edýän fakultetler, kafedralar we olarda dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylyşy, uniwersitetiň gazanan üstünlikleri hem-de häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Şeýle-de ol “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaý dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hytaý dili mugallymlary bilen üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşygyň” çäklerinde 2024-nji ýylyň 7-nji martynda işe kabul edilen hytaý dili mugallymy Hou Ýuýsiniň (Hou Yuqing) gündogar dilleri kafedrasynda hytaý dili mugallymy hökmünde zähmet çekýändigini we onuň uniwersitetimiziň hytaý dili we edebiýaty hünäriniň talyplaryna diňe bir hytaý dilini okatmak bilen çäklenmän, eýsem, Hytaýyň taryhy, medeniýeti hem-de beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhy bilen baglanyşykly ylym-bilim babatda işleri alyp barýandygyny belläp geçdi. Şonuň ýaly-da, rektor “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň” çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň raýaty Suý Szýasiniň (Cui Jiaxin) Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspirantlygyna kabul edilip, degişli okuwlary geçýändigini hem-de hytaý dili we edebiýaty hünäriniň talyplaryna hytaý dili boýunça sapak okadýandygyny belläp geçdi.
Öz gezeginde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçi-ilçisi iki ýurduň arasynda ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Magtymguly muzeýine gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar iki döwletiň Baştutanlaryna döwletara gatnaşyklarynda, şol sanda ylym-bilim babatynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallyklaryny bildirdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30