Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
1485-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Gahryman Arkadagymyzyň “Dialog – parahatçylygyň kepili” ylmy filosofiýasy dünýäde parahatçylygy goramagyň we ynanyşmagy berkitmegiň ygtybarly ýoludyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahat öz işini umumy mejlisde we “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – parahatçylygyň, ynanyşmagyň we umumadamzat rowaçlygynyň binýady”, “Türkmen halkynyň taryhyny we milli-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmegiň möhüm meseleleri”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer syýasaty: demokratik ýörelgeler hem-de konstitusion çözgütler”, “Türkmen dilini we edebiýatyny öwretmegi kämilleşdirmek sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň esasy ugrudyr”, “Iňlis dilini we edebiýatyny okatmakda innowasion tehnologiýalary peýdalanmagyň häzirki zaman usullary”, “Bilimli-ylymly nesli kemala getirmekde daşary ýurt dillerini öwretmegiň usulyýetini kämilleşdirmegiň ähmiýeti”, “Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak syýasaty ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmegiň baş ugrudyr”, “Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümçilik pudaklarynyň ösdürilmeginde himiki tehnologiýalaryň orny”, “Biologiýanyň we biotehnologiýanyň ylmy barlaglarynyň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagynyň halk hojalyk ähmiýeti”, “Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagynda takyk ylymlarda gazanylan üstünlikleriň orny”, “Maglumat ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ylmyň we tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugrudyr”, “Tebigy ylymlkaryň häzirki zaman ösüşinde fizikanyň we astronomiýanyň ylmy barlaglarynyň netijeleriniň ähmiýeti” atly bolümleriň 12-sinde dowam etdirilip, olarda ylmy nutuklaryň 500-e golaýy meýilleşdirilen.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, hünärmenleri, talyplary, ylmy-barlag institutlarynyň alymlary we ylmy işgärleri, aspirantlar we alymlyk derejelerine dalaşgärler gatnaşdylar.
Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzdan gelip çykýan netijeler, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi, şonuň ýaly-da, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlyklary, Gahryman Arkadagymyzyň “Ösüş arkaly parahatçylyk” syýasatynyň we “Dialog – parahatçylygyň kepili” ylmy filosofiýasynyň berkarar Watanymyzda, sebitde we dünýäde giňden dabaralanmagy, şeýle-de, bilim-ylym ulgamyndaky özgertmeler, ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryndan nano- we himiki tehnologiýalaryň, täze materiallary öwrenmegiň, biotehnologiýa, molekulýar biologiýanyň, genetikanyň, maglumat we aragatnaşyk ulgamlarynyň, kompýuter tehnologiýalarynyň, innowasion ykdysadyýetiň we ynsanperwer ylymlarynyň çäklerindäki temalardan täsirli we gyzykly ylmy, ylmy-amaly, ylmy-usuly häsiýetdäki çykyşlar edildi.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Bitarap Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösuşiň täze sepgitlerine ýetmekde, ylmy-bilimi ösdürmek we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.