“Sport leksikasy” atly okuw kitaby
184Hormatly Prezidentimiziň: “Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler” diýen sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanda sporty ösdürmek bilen baglanyşykly düýpli işler alnyp barylýar.
Sporty ösdürmäge goşant goşmakda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy Gülruh Gurbanowa tarapyndan taýýarlanyp, “Ylym” neşirýaty tarapyndan neşir edilen “Sport leksikasy” atly okuw kitabynda sport leksikasyny emele getirýän sözleriň tematik toparlary boýunça many aýratynlyklary, sözlükleri emele getirmäge gatnaşygy, şeýle hem olaryň orfografirlenilişi barada maglumat berilýär.
“Sport leksikasyna giriş” bölüminde sözleriň köpmanylylygy, omonimler, sinonimler, antonimler, olaryň döreýiş çeşmeleri we ulanylyşy derňelýär. Umumyhalky we umumyhalky däl leksika, işjeň hem işjeň däl sözler we leksikologiýanyň beýleki düýpli meseleleri okuw kitabynda öz beýanyny tapýar.
“Halkara Olimpiýa hereketleri, çempionat, Uniwersiada, Aziada, milli sport oýunlary bilen bagly sözler” bölüminde halkara Olimpiýa hereketleri, çempionat, Uniwersiada, Aziada barada maglumat berlip, olar tapawutlandyrylyp seljerilýär.
“Sport görnüşleri bilen bagly sport leksikasyndaky tematik toparlar” bölüminde sportuň basketbol, woleýbol, boks, futbol ýaly görnüşleriniň, olarda ulanylýan adalgalaryň, kär-hünär sözleriniň many aýratynlyklary barada durlup geçilýär.
Okuw kitabyndaky her tema ýumuşlar, gönükmeler arkaly berkidilýär. Bu okuw kitaby arkaly talyplar sport leksikasyna degişli maglumatlary öwrenerler.
Bu kitap Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hünärleriniň talyplary, mekdep mugallymlary, leksiologiýa bilen gyzyklanýan ähli okyjylar üçin niýetlenendir.