Ýerasty baýlyklar we tebigy ýadygärlikler bilen tanyşlyk

195

17-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geologiýa muzeýine, Natalýa Ruslanowna Rahmedowanyň ýolbaşçylyk etmeginde ýurdumyzyň A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçylary üçin okuw gezelenji guraldy. Okuwçylar ol ýerde dürli görnüşli dag magdanlary, 600 kilometrden-de uzaga ýaýylyp ýatan Köpetdag erezleriniň tebigy ýadygärlikleri, seýrek duş gelýän paleontologik ýadygärlikler — ulgamyň günbatar künjünde Gäwürli tebigy çäginde neogen gumdaşda tapylan gadymy (2,5 million ýyl mundan ozalky) düýäniň yzlary, dinozawrlaryň yzy galan özboluşly tebigy ýadygärlikleriň maketleri bilen tanyşdylar. Şeýle-de, dag inženeri-geolog, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty, uly laborant Anatoliý Grigoriwiç Buşmakiniň täsirli okuw sapagyny diňlediler, hem-de, okuwçylar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap aldylar. Anatoliý Buşmakin öz çykyşynda: «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geologiýa muzeýi ýurdumyzda iň baý daş kolleksiýalaryny bir ýere jemlän muzeýdir. Häzirki wagtda bu ýerde dag jynslarynyň, magdanlarynyň we daşa öwrülip giden zatlaryň 1200-den gowrak nusgasy bar. Ol ýerdäki asylky ekspozisiýalar, kartalar, shemalar, eksponatlaryň köpugurly görkezilişi ýurdumyzyň ýerasty baýlyklary, Türkmenistanyň dag jynslary, tebigy ýadygärlikleri barada köptaraplaýyn düşünje almaga mümkinçilik berýär» diýip belledi. Bu gezekki guralan okuw gezelenji her bir okuwçyda üýtgeşik täsir galdyrdy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30