Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

167

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyz, meşhur şahsyýetlerimiz we milli mirasymyz köptaraplaýyn öwrenilýär.
Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň görnükli alymlary, medeniýet we sungat işgärleri bilen yzygiderli duşuşyklary geçirip, olaryň nusgalyk ýoly, döreden milli mekdebi we döwletimiziň binýadyny berkitmekde, jemgyýetimizde ýaş nesli kämilleşdirmekde mynasyp orny bilen baglanyşykly duşuşyklaryň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny bellemegi halk arasynda uly seslenmä eýe boldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew bilen “Ykbaly sungata öwrülen ussat” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda guralan Türkmenistanyň Gahrymany, halypa heýkeltaraş Saragt Babaýewiň durmuş we zähmet ýoluny beýan edýän sergä tomaşa etdiler. Soňra Türkmenistanyň Gahrymany, halypa heýkeltaraş Saragt Babaýewiň ömri we zähmet ýoly bilen tanyşdyrýan wideoroligiň görkezilmegi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby tarapyndan “Heýkeltaraş” goşgusynyň ýerine ýetirilmegi gatnaşyjylarda täsir galdyrdy.
Döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň Gahrymany, halypa heýkeltaraş Saragt Babaýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlaryna we talyplaryna Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen berkarar Watanymyzda zähmet çekýän adamlara döwlet derejesinde uly hormat goýulýandygyny buýsanç bilen belledi. Halypa heýkeltaraş şöhratly taryhymyzy, meşhur şahsyýetlerimizi, halkymyň milli buýsanjy bolan ruhy we medeni gymmatlyklarymyzy ýasaýan heýkellerine siňdirmek bilen kalbynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Watanymyza, halkymyza bolan söýgini beýan edýändigini aýtdy.
Döredijilik duşuşygynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan şöhratly işlerini wasp edýän “Arkadagly Gahryman Serdarymyz” aýdym ýerine ýetirildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şöhratly taryhymyzy, meşhur şahsyýetlerimizi we milli mirasymyzy öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri beýan edildi.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30