Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
156Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda makala ýazmak boýunça «Döwrüň özgertmeleri — ýaş žurnalistleriň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen bu bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleriň mynasyp waspyny ýetirýän, olary çeper beýan etmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Döredijilik bäsleşigi I we II derejeler boýunça geçirildi. I derejä žurnalistika hünärinde, II derejä bolsa beýleki hünärlerde okaýan talyplar gatnaşdy. Bäsleşige 150-ä golaý işler tabşyrylyp, eminler topary tarapyndan seljerilip, 21 awtoryň işi degişli orunlara mynasyp görüldi.

20/06/2025
Ýaş žurnalistler üçin gollanma
18/06/2025
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
17/06/2025