Üstünliklerimize bagyşlanan dabara
163Ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary bilimde, ylymda,döredijilik bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.
Ýokary okuw mekdebimiziň professor mugallymlarynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan edilen “Ýylyň mugallymy” döwlet bäsleşiginde I orny eýelemegi, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyna mynasyp bolmagy hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji diýlip yglan edilmegi bizi diýseň guwandyrýar.
Biziň talyplarymyzyň Russiýa Federasiýasynda, Rumyniýada, Polşada, Bolgariýada Täjigistanda, Özbegistanda we beýleki ýurtlarda şahsy bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmegi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň “Ýaşlar baýragyna”, şeýle hem, halkara sport ýaryşlarynda bürünç, kümüş we altyn medallara mynasyp bolmagy-da bizi aýratyn buýsandyrýar.
Ýakynda uniwersitetimizde geçirilen “Arkadagly zamanda talyp ýaşlar bagtyýar, Arkadagly Serdar bilen her ýylymyz bagta ýar” atly dabarada bular barada buýsançly söhbet edildi. Çykyş edenler ylmy, ders we döredijilik bäsleşiklerinde,olimpiadalarda mugallymlarymyzyň we talyplarynyň gazanan ajaýyp üstünlikleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim we ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtadylar.
TDU-nyň professor mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, magistrantlarynyň, ezber talyplarynyň halkara derejesindäki we ýurdumyz boýunça geçirilen ylym-bilim bäsleşiklerine, olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp gazanan üstünlikleri üçin olara ýokary okuw mekdebimiziň rektorlygynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Uniwersitetimiziň ”Bagtyýarlyk owazlary “döredijilik topary tarapyndan ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar baýramçylyk çäresiniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Täsirli geçen dabarada ylym- bilimi ösdürmäge, ýaş nesle okamaga, öwrenmäge, ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

20/06/2025
Ýaş žurnalistler üçin gollanma
18/06/2025
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
17/06/2025